BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň we halkara maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman mähirli garşylanyldy.
Bu ýerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.